OMAR IBN HATTABYŇ PÄHIMLERI 14

Photo by Sruthik Koneti on Pexels.com

Kim şeriň nämedigini bilmese onuň duzagyna düşenini duýman galar.

* * *

Dinaryň öwüşginine guwanman onuň mätäjiň derdine ýaraýandygyny görüp, lezzet almany başar.

* * *

Şer işleri kalby bilen ýigrenmegi başaran ynsan hak ýoluny dogry tutdugydyr.

* * *

Hökümdar tagtyny gowy görüşi kimin raýatlaryny hem gowy görse uly abraý gazanar we ähli işleri rowaç bolar.

* * *

Eger belli netijä gelmek isleseň gyssanmagyn. Bir işiň başyna baranyňda akylyňa daýangyn.

* * *

Köp wada berip, wadaňda durmazlyk we köp ötünç soramaklyk kezzaplyga barabardyr.

* * *

Ynsan durmuşynda ajy we süýji günler bolup biler. Ol islendik halatda-da şol günlerde mynasyp ýaşamagy başarmalydyr.

* * *

Ynsan öz yrsgalyny ýerden gözlemelidir.

* * *

Ýeri harlamaň, ýeri harlan hor bolar.

Leave a Reply