OMAR IBN HATTABYŇ PÄHIMLERI 15

Photo by Mohamed Larbi Larouk on Pexels.com

Dogry sözlüligi özüne ýaran tutunan rahat, asuda ýaşap, durmuşdan lezzet alar. Bela-beter ol ynsanyň gabadyndan aýlanyp geçer.

* * *

Dogry sözüň üçin ölýän hem bolsaň, dogry sözläp başyňy dik tutup ölgün.

* * *

Asudalygyň ysy islendik atyryň ysyndan hoşboýdyr we lezzetlidir.

* * *

Karzyny beren adam özüni azat duýar.

* * *

Günä işlerden daşda duran adama ölümden gorkmagyň hajaty ýokdur.

* * *

Çaga nähili terbiýe berseň-de alma öz agajyndan uzaga gaçýan däldir.

* * *

Raýatlardan kimdir birine zulum edilip, bu habar maňa ýetende men zulum edene çäre görmesem, onda meniň hem onuň zulumyna şärik boldugymdyr.

* * *

Haýyr-yhsan edip, adamlaryň minnetdarlygyny alýan adam, durmuşda at-abraý we üstünlik gazanar.

* * *

Tamakinlik – garyplyk. Gözidokluk – baýlykdyr.

Leave a Reply