OMAR IBN HATTABYŇ PÄHIMLERI 16

Photo by Ahmet Polat on Pexels.com

Ynsanyň her bir aýdan sözüni erbet kabul etmäň. Megerem köp sözleriň aňyrsynda erbet niýet ýokdur.

* * *

Lybasyň zynaty onuň gymmatlylygynda däl-de arassalygyndadyr.

* * *

Eger ymmatyň halyfy bolmagyň ýany bilen metjitde azan aýdyp bilýän bolsam, onda azan hem aýdardym.

* * *

Bergisini bermegi başarýan keremli ynsandyr.

* * *

Kimdir biriniň günäsini geçen adam günäsi geçilenden özüne hormata garaşmasyn. Onuň bu eden işi Alla aýandyr we sogaby Alladan tama etsin.

* * *

Kimdir birine ýagşylyk etseň Alla saňa şol ýagşylygy on esse edip gaýtarar. Ýagşylyga derek ýagşylygy diňe Alladan tama etgin.

* * *

Syryny gizläp başarýan adamyň ykbaly onuň öz elindedir.

* * *

Alladan gorkmaýan we ýalan sözleýän dostuň bar bolsa ondan daşlaş. Beýle dostdan mert duşman ýagşydyr.

* * *

Dost tutunmak isleseň Allany tanap, onuň goýan kada-kanunyna boýun egýän adamy tutungyn.

Leave a Reply