OMAR IBN HATTABYŇ PÄHIMLERI 17

Photo by Ayoub Galuia on Pexels.com

Allanyň garşysyna gidip, oňa tagat etmedik heläk bolar.

* * *

Özüňde pynhan saklaýan säwlikleriňi dostuňdan gizlemegin. Goý ol seniň durmuşda goýberen säwlikleriňden aýlanyp geçsin.

* * *

Özüňe degişli bolmadyk zat hakynda soramagyn.

* * *

Şerap ynsanyň akylyny giderip, tamakinçilik duýgusyny oýarýandyr.

* * *

Köp gülýän ynsanyň haýbaty azalar.

* * *

Ähli işiňizde alym adamlara maslahat salyň. Allatagalanyň ýanynda-da alymlaryň derejesi uludyr.

* * *

Kimdir biri bir zada yhlas etse, şol ugurda meşhurlyk gazanar.

* * *

Ölümden gorkup nähilidir bir işi ýigrenmegin. Sebäbi näme etseň hem ölümden gaçyp gutulyp bolmaz.

* * *

Ölüm – bu dünýä bilen ahyretiň arasyndaky penjiredir. Allanyň ýoluny dogry tutan adamlara bu penjireden geçmegiň hiç hili gorkusy ýokdur.

* * *

Köp degişgen adam abraýdan düşer.

Leave a Reply