OMAR IBN HATTABYŇ PÄHIMLERI 18

Photo by rakhmat suwandi on Pexels.com

Eý Allam, ejiziň hyýanatyndan we güýçliniň zulumyndan özüň gora.

* * *

Alladan gorkusy azalan adamyň utanjy azalar.

* * *

Ýarym doýan adam heläk bolmaz. Emma aşa doýan adam heläk bolar.

* * *

Akyl bedeni goldamasa diňe güýç bilen üstünlik gazanyp bolmaz.

* * *

Baýlyk gazanmak ynsanyň diňe ugurtapyjylygyna ýa-da akylyna bagly bolman, eýsem Allanyň oňa ýazan ykbalyna-da baglydyr.

* * *

Goşgy diňläň, sebäbi goşgy ynsanda ýagşy häsiýetleri toplaýandyr.

* * *

Kimdir birini tanamak isleseň onuň aslyna seret.

* * *

Ýyldyzlary öwreniň, sebäbi ýyldyz çölde, suwda ýa-da dagda bolanyňyzda azaşsaňyz size dogry ýol salgy berer. Emma oňa ybadat etmäň.

* * *

Siziň hajat bilen ýüz tutýan adamlaryňyzy hem şol bir Alla ýaradandyr. Şonuň üçin hajatyňyz ýerine ýetende Allany hem ýatdan çykarmaň.

Leave a comment