OMAR IBN HATTABYŇ PÄHIMLERI 19

Photo by Samet u00c7olakou011flu on Pexels.com

Çagalaryňyz köp bolsun. Olary eklemekden gorkmaň, sebäbi olaryň yrsgalyny Alla berýändir we olaryň haýsysynyň garran çagyňyz sizi eklejegi belli däldir.

* * *

Eger şükürdir sabyr her haýsy bir at bolsa, men olaryň haýsysyny münjegimi bilmezdim.

* * *

Eger erkek aýaly goraýar diýseler hem erkegi aýallaryň arasyna salmaň.

* * *

Aýşy-eşret lezzetlidir. Emma bu aýşy-eşretiň soňy masgaraçylykdyr. Şonuň üçin lezzetden daşda duruň.

* * *

Sözüň köplügi däl-de onuň manylylygy gerekdir.

* * *

Akmak bilen dost bolmakdan ägä bol. Saňa nep getirjek diýip diňe zyýan getirer.

* * *

Ýagşy gylyk ýagşy ýarandyr.

* * *

Yhlas üstünligiň gözbaşydyr.

* * *

Iň haýyrly miras — edepdir.

* * *

Hajat bilen gelen adam ýoluny ýitiren düýe kimindir. Onuň hajatyny bitirseň dogry ýola salan ýaly bolarsyň.

Leave a Reply