OMAR IBN HATTABYŇ PÄHIMLERI 20

Photo by Mikhail Peace on Pexels.com

Bir gezek batyl iş edip lezzet alanyňdan müň gezek oňyn edilen haýyr işi ýatlap lezzet alanyň ýagşydyr.

* * *

Şu dünýäde ýagşy adamlara ýaran bolan, ahyretde-de şolar bilen ýaran bolar.

* * *

Şer işiň gözbaşy şer gürrüňlerden başlaýar.

* * *

Boş gezmekden ägä boluň. Sebäbi işsizlik ähli erbetligiň başlangyjydyr.

* * *

Eger kimdir biri bir zat etmekçi bolup, emma oňa ýetip bilmerin diýip umydyny üzse, diýmek ol zat oňa derkar däldir.

* * *

Iş ýadatsa-da ol ynsana zerurdyr. Sebäbi işsiz ynsan zaýalanmak, ýoluny urdurmak bilen bolar.

* * *

Degişgenlik erkege laýyk däldir. Köp degişýän adam agraslygyny ýitirer. Agraslygyny ýitiren erkegiň häsiýeti zenan häsiýetine ýakyn bolar.

* * *

Allatagala size yslam dinini berdi. Indi abraýa, iki dünýäň abatlygyna yslam dini bilen ýetiň. Başga ýerden haýyr görýänler diňe şer taparlar.

* * *

Bir kowum özbaşyna bir dine gulluk edip, olaryň diňe birnäçesi üstünlik gazansa, onda bu dogry ýol däl-de, hak ýoldan azaşmakdyr.

* * *

Öý eýesinden soragsyz öýe girmek iň uly biedeplikleriň biridir.

* * *

Zähmet çekmän gazanylan baýlykdan gorkgun. Ýeňil gazanylan pul — agyr ýitgilere getirer.

* * *

Erbet işlere yhlas edeniňden ýagşy işde tygşytly bolanyň haýyrlydyr.

Leave a Reply