OSMAN IBN AFFANYŇ PÄHIMLERI 2

Photo by Razone Gn on Pexels.com

Kimde kim adamlara ylymsyz pitwa berse, oňa asman lagnat aýdar.

* * *

Eger bir lybas geýip, şol lybasda gowy görünýändirin öýtseň, onda özüň ýaman görünýändirin diýip pikir eden lybasyňy geý.

* * *

Kim lybasyny tämiz, arassa geýinse, Allatagala kyýamat güni ol adamy öz penasynda aman saklar.

* * *

Bilmeýän zadyňy bilmek, düşünmeýän zadyňa akyl ýetirmek iň lezzetli zatdyr.

* * *

Her adamda-da şatlyk, kelle göçgünligi bardyr. Ýöne bu ýagdaý her kimde dürli hili bolup geçýär.

* * *

Samsyk, nadan adam hassany soramaga barsa, hassanyň haly gowulaşmakdan-a geçen, öňküden hem teňleşer.

Leave a comment