OSMAN IBN AFFANYŇ PÄHIMLERI 3

Photo by Ravinder Ravi on Pexels.com

Köp gürleýän we köp gülýän adam gije ýatanda ynjalyksyz bolar.

* * *

Tygşytly ýaşan adam durmuşda uly üstünlik gazanar.

* * *

Baýlygy danalyk bilen dolandyran ýeňer, nadanlyk eden onuň guluna öwrüler.

* * *

Mätäje kyn ýagdaýda kömek edýän kişi sahydyr.

* * *

Eý, Allam! Meni garyplykdan, haram baýlykdan, gaýgy-gama çümdürýän pikirlerden özüň goragyn!

* * *

Kimdir biri nämedir bir zat alsa, garyp-gasaryň hem aladasyny etsin. Eger ol gaýtaryp bilmese, Allatagaladan gaýdar.

* * *

Eger kimdir biri sende ýok häsiýetleri aýdyp, seni öwse, ol adamdan islendik haýynlyga garaşyber.

* * *

Eý, Allam! Ýalan öwgüleri diňläp, öwýäne hiç hili jogap bermedigimiz üçin biziň gü¬nä¬lerimizi geç!

* * *

Her bir zadyň başlangyjy bardyr. Duşmançylygyň, uruş-sögüşiň başlangyjy biderek oýun-degişmedir.

* * *

Sebäp bolup gülmezlik, sebäpsiz gülmekden has geňdir.

* * *

Adam ölenden soň bu dünýäde diňe ol hakynda ýatlamalar galýar.

* * *

Ýagşy-sogap işler eden adam asuda, tarpa-taýyn ölüm bilen, ýaman-günä işler eden adam bolsa uzak keselläp, gaty ezýet çekip ölýändir.

Leave a Reply