OSMAN IBN AFFANYŇ PÄHIMLERI 4

Photo by Mu00fcca ud83cudde9ud83cuddea on Pexels.com

Nahar iýseňiz azrak iýiň. Sebäbi az iýmek kalby rahatlandyrar.

* * *

Hemaýatkär dosta mätäçlik çekmek, akar suwa mätäçlik çeken ýalydyr.

* * *

Hammam nähili erbet ýer, uýat ýerler açylýar we utanç-haýa gidýär.

* * *

Alla bilen dostlaşyň, eger muny başarmasaňyz, onuň dostlugynyň bereketi bilen Allanyň dostlugyna gowşar ýaly Allanyň dostlary bilen dostlaşyň.

* * *

Haýyr gelýän ýere geleňsizlik edilse, ol ýerden şer geler.

* * *

Kesekä ýagşylyk ediň, şonda öz ahyretiňiz gowy bolar.

* * *

Alymyň nadanlykdan üstün çykmagyndan ylmyň nadandan üstün çykmagy has gowudyr.

* * *

Akyl eýeleri öz aralarynda tiz düşünişerler. Emma samsyk adam bilen ne akylly, ne-de samsyk düşünşip biler.

* * *

Samsyk adama edep-ekram öwretmek, oňa tälim bermek, hasyl bermejek daşly ýere tohum taşlan ýalydyr.

Leave a Reply