OSMAN IBN AFFANYŇ PÄHIMLERI 5

Photo by Jou00e3o Cabral on Pexels.com

Nadan adam arzuw edende-de biderek zatlar hakynda arzuw eder.

* * *

Gürläniňde goýberilen ýalňyşlygy şobada düzedip bolar. Emma durmuşda goýberilen säwligi düzetmek kyndyr.

* * *

Sapara çykanyňda, köp gürleýän samsyk bilen ýoldaş bolanyňdan, akylly dymma bilen ýoldaş bolanyň ýagşydyr.

* * *

Ylymsyz adam süýji sözüň lezzetini bilmez.

* * *

Ýagşyzada adamy görseň, ony dost tutun, Allanyň oňa ýagdyrýan bereketinden saňa-da paý ýeter.

* * *

Adam ýürekden Allatagala öwgi aýdan mahaly, Allatagala ybadat etmegiň lezzetini duýar.

* * *

Allatagala bilen sadaka çykaryp sogap söwdasyny eden musulman diňe girdeji gazanar we söwdasy oňar.

* * *

Adam günä işi bilen nygmatyň aralygynda durandyr. Haçan-da ol bu ikisiniň birini edende ýa-ha Allatagala öwgi, sena aýtmaly ýa-da oňa toba edip günäsini geçmegini soramaly bolar.

* * *

Allatagala ybadat etmek imanyň esasy bölegidir

* * *

Hakykat, dogry söz ähli zatdan öwgülidir.

* * *

Sen şatlanýan wagtyň seniň duşmanyň gamgyndyr

* * *

Adyllyk Allanyň terezisidir. Zulum şeýtanyň ölçeg daşydyr.

* * *

Adyl soltanyň ýardamçysam, penakärem Alladyr.

Leave a Reply