
Zähmet adamyň abraýyny galdyrar. Bikärlik onuň zaýalanmagyna getirer.
* * *
Adamda sabyr bolmasa, ol durmuşyň aladasynyň, gaýgy-gamynyň girdabyna batar.
* * *
Eger azat, başyň dynç ýaşaýyn diýseň, ýüregiňde tamakinçilige orun berme
* * *
Kanagatly gul azatdyr. Azat adam tama etse, gula öwrülýändir
* * *
Mömin gapyl galmasa ýalňyş iş etmez. Eger ol bu dünýäde bolup geçýän işler barada pikir etse gamlanar.
* * *
Zulum bar ýerinde parasatlyk, parasatlylyk bar ýerinde-de zulum bolmaz.
* * *
Ynsaply adamdan ähli adamlar razydyr. Onuň özi hem özünden razydyr.
* * *
Ynsaply adam halkyň ýüzüne arkaýyn seredip biler. Sebäbi onuň hiç hili aýby ýokdur.
* * *
Söwda etseňiz Alla bilen söwda ediň. Diňe Alla bilen söwda edenler uly girdeýji gazanarlar.
