
Wagtyňy şady-horramlyga däl-de haýyr-yhsan etmeklige sarp etgin.
* * *
Meniň üçin Allanyň meniň erbet işleri edenimi göreninden, haýyr-yhsan edenimi göreni maňa has lezzetlidir.
* * *
Wadasyna wepaly bolan adamlaryň razylygyny gazanan we kynçylykda sabyr-takat eden kişi il arasynda uly abraýa eýe bolar.
* * *
Men ynsanyň daşky sypatyny görýärin. Emma kalbyny gara niýetlerden päk saklamak onuň özüne baglydyr.
* * *
Her gezek gabry görmek meniň üçin uly ybratdyr.
* * *
Gabyr bu dünýe bilen ahyretiň arasyndaky ilkinji çäkdir. Kim Alla tagat edip ýaşan bolsa, oňa gabyrdan gorkmagyň hiç hili hajaty ýokdyr. Eger kim gabyrdan gorkýan bolsa, onda goý ol bilsin, ahyret azabynyň ýanynda gabyr azaby degişme kimindir.
* * *
Ýagşy işler edip, şek-şübheli zatlardan daşda duran, bu dünýede we ahyretde üstünlik gazanar.
* * *
Ynsan bu durmuşda haýyr-yhsan edip, mert ýaşamalydyr we ölümini-de mert garşy almalydyr.
* * *
Köp gürleýän ymamdan däl-de, ýagşy işler bilen görelde görkezýän ymamdam ybrat alyň.
* * *
Erbet adamlar özleriniň gowy görýän zadyny gizlärler we özleriniň ýigrenýän zatlaryny size hödürlärler. Gerek zadyňy saýlamak üçin diňe öz akylyňa daýan.
