
Allatagala ynsana edip bilmejek zadyny we nädogry ýoly salgy bermedi.
* * *
Maly-dünýä höwes etmän, kanagatly ýaşan ynsan durmuşdan lezzet alar.
* * *
Allatagala bu dünýädäki ähli zady ynsana eşretli ýaşamagy üçin ýaratdy. Oňa dogry ýol salgy berdi. Ynsan şol ýoldan gidip, ähli zatlary dogry berjaý etse, Allatagala oňa mundan hem eşretli ýaşaýşy taýýarlap goýdy.
* * *
Haýyr-yhsan etmäge howlugyň. Sebäbi size näçe wagt berleni diňe Alla aýandyr.
* * *
Maly-dünýä köp ynsanyň garagyny gapýandyr. Baýlyk eýesi bu baýlygy kimiň berendigini we ähli baýlyklaryň eýesiniň kimdigini ýatdan çykarmaly däldir.
* * *
Özüňizden öň dogry ýaşap, üstünlik gazanan adamlardan görelde alyň.
* * *
Haýyr-yhsan işlerinden gapyl galmaň. Sebäbi Allatagala-da siziň ähli işleriňizden gapyl däldir.
* * *
Kişi hakyny iýmäň. Nähili alsaňyz şeýle-de gaýdyp beriň.
* * *
Haýyr işler ynsanyň duşyndan süýji çeşme kimin akyp durandyr. Kim bu suwdan ganyp näçe içip bilse şonça-da lezzet alar.
