OSMAN IBN AFFANYŇ PÄHIMLERI 14

Photo by seymasungr on Pexels.com

Men siziň halypaňyz, ymamyňyz we yhlasly doganyňyzdyryn. Şonuň üçin doganyňyz bilen dogan gatnaşygyny ediň.

* * *

Utanç-haýa gabahat işlerden goraýan galkandyr.

* * *

Alla tagat ediň we hökümdaryňyza boýun boluň. Säwlik goýberse, nesihat beriň. Emma garşy çykyp, ýurtda agzalalyk döretmäň.

* * *

Hökümdara garşy gidip, jemagaty aýaga galdyryp, ýurtda pitne oduny tutaşdyrmak uly günäleriň biridir. Dökülen ganlar pitne turzanyň boýnunadyr.

* * *

Eý, halaýyk, siz ýaradan Alla ynanýan bolsaňyz we kyýamat güni ýene-de onuň ýanyna barjagyňyzy bilýän bolsaňyz, adamlaryň arasyna al oklap, pitne oduny tutaşdyrmaň.

* * *

Nadanlyk bilen gidip, hak ýoldan azaşmaň. Sebäbi hak ýoldan azaşmak, şer işlere, şer işler bolsa dowzaha elter.

* * *

Nähak gan döküp, haja gidip ony ýuwmakçy bolandan şol gany dökmezlik ýagşydyr.

* * *

Alla ýürekden iman getirilse mahrum ýitirenini tapar, howp abanan halas bolar we dileg edeniň dilegi kabul bolar.

* * *

Bereket tapan Alla şükür etmelidir. Şonda bereketi has-da zyýada bolar.

Leave a Reply