
Nadanlyk alajy ýok dertdir. Nadanlyk ynsan üçin uç-gyraksyz zulmatdyr.
* * *
Kemakyllyk ýaly kesel ýokdur. Kemakyl baran mejlisinde hemişe özüni rahat, galan ähli adamlar bolsa özlerini birahat duýarlar.
* * *
Ynsanyň dili endige görä gürlär. Paýyş sözlere endik eden, dil eýesini masgara eder.
* * *
Nadanlyk ynsanyň iň ganym duşmanydyr. Akylly adam egindeşlerini kyn ýagdaýdan alyp çykar. Emma nadan diňe bir özüni däl, eýsem, egindeşlerini-de kyn ýagdaýa salyp biler.
* * *
Özüniň mertebesine has ýokary baha berýänlere, ýagny tekepbirlere Alla rehim etsin.
* * *
Zol-zol säwliklere ýol bermek, eden günä işleriňe ökünmezlikdir.
* * *
Ýaranyna pyssy-pujurlygy nesihat eden, onuň eden günä işlerine şärikdir.
* * *
Akyl kämil derejä ýetende ynsan az gürläp başlar. Akylly adam diňe hajat ýüze çykanda gürlär.
* * *
Maksatly ynsan guşuň uçup barmaly ýerine barşy kimin maksadyna ýeter.
* * *
Ikiýüzli ynsan Ýaradanyň ýanynda-da, onuň halkynyň ýanynda-da pes adamdyr.
* * *
Ulamalaryň mejlisindäki nadan gülleriň arasynda biten tiken kimindir.
